Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) insuliniň ikinji tapgyryny getirdi.
BMGÖM-nyň metbugat beýanatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, ikinji tapgyra “Noworapid”, “Nowomiks”, “Protafan” insulinler girýär, şeýle hem “Nowofаýn” iňňelerini we “Nowopen” şpris ruçkalaryny öz içine alýar. Insulinleriň ählisi “Nowo-Nordisk” (Daniýa) öndürijisinden satyn alyndy.
Insulin bilen üpjün etmeklik BMGÖM-nyň we TSGDSM-niň arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýurdumyzda ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek üçin ýardam etmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Býujeti 32 million 800 müň ABŞ dollaryna deň bolan bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.
BMGÖM-nyň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, BMGÖM tarapyndan derman serişdelerini satyn almak açyk halkara bäsleşikler esasynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän baş edara binasynda amala aşyrylýar. Tekliplere garalanda derman serişdeleriniň hiliniň halkara standartlaryna berk laýyk bolmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine jemi bahasy 1 million 800 ABŞ dollaryndan gowrak bolan insuliniň birinji tapgyry şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda getirildi. Bu tapgyra çalt hereket edýän “Aktrapid” we “Mikstard” insulinler degişlidir.