Häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň gurluşyk kompaniýalarynyň täze “Aşgabat siti” taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň meselesine seredilýär. Bu barada Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň 78-nji teleýaýlymynyň “Peterburg. Nowyý wzglýad” gepleşiginde eden çykyşyna salgylanyp, Peterburgyň şäher häkimliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
Gubernatoryň belleýşi ýaly, Sankt-Peterburg hökümetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin uly ädimler ädildi.
Türkmenistanyň paýtagtynda metro gurulmagy meýilleşdirilýändigini belläp, Beglow bu ugurda türkmen tarapynyň Sankt-Peterburgyň tejribesini öwrenmegi isleýändigini aýtdy. Şeýle-de Aleksandr Beglow Peterburgyň hünärmenleriniň dürli görnüşli topraklarda, şol sanda iň çylşyrymly ýerlerde tunelleri we stansiýalary gurmakda uly tejribesiniň bardygyny nygtady.
Gubernatoryň sözlerine görä, Aşgabatda Sankt-Peterburgyň Söwda öýüniň we Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň gurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy hem işjeň ösýär diýip, Beglow belledi. Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanyň ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işlerini dowam etdirýärler, ýaşyl zolaklary we sil suwlaryny sowujy desgalary gurmaga gatnaşýarlar.
Sankt-Peterburg hökümetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada resmi iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda gubernator Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.