Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň baş diplomaty bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň baş diplomaty bilen duşuşdy
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Owganystanyň paýtagtynda çarşenbe güni Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara haryt dolanşygynyň artdyrylmagy hem-de ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemek maksady bilen, iki ýurduň işewürler-toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň maksadalaýyklygy bellenilip geçildi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Abdul Kahar Balhiniň “Twitter” hasabyndaky habaryna görä, taraplar söwda, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy barada pikir alyşdylar.

Muttaki owgan tarapynyň iri taslamalar boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny mälim etdi. Şeýle hem daşary işler ministri türkmen tarapyny Owganystanda ýangyjyň bahasynyň galmagynyň öňüni almak üçin onuň eksportyny artdyrmaga çagyrdy.

Türkmen ilçisi hem öz gezeginde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler we indiki tapgyrlary barada maglumat berdi.

Sentýabr aýynyň ortalaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wagtlaýyn orunbasary hem-de “Talyban” hereketiniň wekili Abdul Salam Hanafi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy  Hanafini Owganystanyň täze hökümetiniň döredilmegi bilen gutlady we Aşgabadyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.