GDA-da “Arkalaşygyň gymmatly monjugy” atly halkara syýahatçylyk taslamasy düzüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-da “Arkalaşygyň gymmatly monjugy” atly halkara syýahatçylyk taslamasy düzüler
Taslama GDA ýurtlarynyň syýahatçylyk ýerlerini birleşdirýän toplumlaýyn syýahatçylyk ugurlaryny kesgitlemegi we öňe sürmegi maksat edinýär. (Surat: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti)

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarynda “Arkalaşygyň gymmatly monjugy” atly halkara syýahatçylyk taslamasyny döretmek teklip edilýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek başlangyjy GDA agza ýurtlaryň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk Geňeşiniň agzalary tarapyndan anna güni Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilen ýygnakda goldanyldy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, ýygnaga Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Sekretariatynyň wekilleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary Beketjan Jumahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Taslama GDA ýurtlarynyň syýahatçylyk ýerlerini, özboluşly taryhy we medeni ýadygärliklerini, halk senetçilik merkezlerini birleşdirýän toplumlaýyn syýahatçylyk ugurlaryny kesgitlemegi we öňe sürmegi maksat edinýär.

“Arkalaşygyň gymmatly monjugy” atly taslamasynyň durmuşa geçirilmegini öwrenmek başlangyjy GDA agza ýurtlaryň Medeniýet hyzmatdaşlygynyň geňeşi tarapyndan hem goldanyldy.

Ýerewanda geçirilen ýygnakda syýahatçylyk bölümleriniň wekilleri Ermenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky döwlet syýasaty baradaky maglumatlary diňlediler. Maslahatda Syýahatçylyk geňeşiniň garamagyndaky bu pudakda ýüze çykýan bökdençliklere garşy durmak boýunça iş toparynyň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar degişli pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça 2021-2023-nji ýyllar üçin Hereket meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine seretdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde syýahatçylyk pudagyndaky esasy gurama baradaky Düzgünnamanyň taslamasyna garamak üçin taýýarlyk meselesini maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar Belarusyň agroekoturizmi ösdürmekde toplan tejribesine garadylar, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň milli kanunçylygynda “Ekologiki syýahatçylyk barada” nusgawy kanunyň ulanylyşyny maslahatlaşdylar.

Geňeşiň indiki mejlisiniň 2022-nji ýylda Belarusda geçirilmegi meýilleşdirilýär.