Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawy dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawy dörediler
Bu sanaw TSGDSM-ne sanjym alanlaryň sanyny kesgitlemäge we sanjymlaryň üpjünçiligini meýilleşdirmäge ýardam eder.

Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawy dörediler. Taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) goldawy bilen “Talap Boýunça Rus Hünärmeni” atly taslamanyň çäginde amala aşyrylýar.

BMGÖM-nyň geçen anna güni habar berşi ýaly, bu taslamada bilermen Anatoliý Lawrow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) ýardam edýär.

“Bu taslamada elektron hökümet taslamalaryny gurmagyň ýörelgelerini göz öňünde tutup, şuňa meňzeş ulgamlary döretmekde häzirki zaman halkara tejribeleri ulanmak arkaly elektron sanawy döretmek boýunça maslahatlar berilýär, şeýle hem soňra bitewi maglumat giňişligine birleşdirmek üçin zerur boljak TSGDSM-niň sanly özgertmeler strategiýasynyň elementleri baradaky teklipler döredilýär” diýip, Anatoliý Lawrow taslamanyň maksatlary barada aýtdy.

BMGÖM-nyň metbugat beýanatynda bellenilmegine görä, bu sanaw ministrlige sanjym alanlaryň sanyny kesgitlemäge we sanjymlaryň üpjünçiligini meýilleşdirmäge ýardam eder.

“Talap boýunça rus hünärmenleri” atly taslama Russiýa Federasiýasy tarapyndan Russiýa–BMGÖM arkaly maliýeleşdirilýän “Bilimleri dolandyryş we potensialy ýokarlandyrmak” atly taslamanyň bir bölegidir.

BMGÖM şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine insuliniň iki tapgyryny getirdi. Insulin bilen üpjün etmeklik BMGÖM-nyň we TSGDSM-niň arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýurdumyzda ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek üçin ýardam etmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

2022