Türkmenistana immunizasiýa üçin waksinalaryň ikinji tapgyry getirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana immunizasiýa üçin waksinalaryň ikinji tapgyry getirildi
Waksinalar we sanjymlar bilen baglanyşykly enjamlaryň satyn alynmagy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär.

Türkmenistana çarşenbe güni çarter gatnawy bilen çagalar üçin zerur bolan waksinalar gelip gowuşdy. Bu sanjymlar poliomielita, gyzamyga, ýokanç hapgyrtma, gyzylja, täjihoraza, bürmä, gökbogma, gemofil ýokanjyna, gepatit A, pnewmokoka we inçekesele garşy niýetlenen waksinalaryň şu ýyldaky ikinji tapgyrydyr.

ÝUNISEF-iň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, waksina bilen üpjün etmek Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky çagalar üçin zerur bolan waksinalary getirmek boýunça hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

“COVID-19 pandemiýasy sebäpli dünýäde ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti we ÝUNISEF ýurtda immunizasiýa maksatnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin bilelikde işleýärler” diýip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Şeýle-de habarda waksinalar we sanjymlar bilen baglanyşykly enjamlaryň satyn alynmagy Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýändigi we meýilnamalaşdyrylan waksinalaryň ýurdumyzyň çagalary üçin mugt üpjün edilýändigi bellenilýär.

ÝUNISEF öz gezeginde ýurdumyza ähli satyn alyş hyzmatlaryny hödürleýär we arzan bahaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan makullanan sanjymlarynyň, howpsuz sanjym etmek enjamlarynyň we sanjymlary belli temperaturada saklamak üçin enjamlarynyň satyn alynmagyny we ýurda iberilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa başlanyndan bäri meýilnamalaşdyrylan waksina sanjymlaryny geçirmegi işjeň dowam etdirdi we 2021-2025-nji ýyllar üçin olary satyn almak boýunça ÝUNISEF bilen ylalaşylan bäş ýyllyk meýilnamanyň çäklerinde immunizasiýanyň maliýeleşdirilmesi ep-esli ýokarlandy.

Sanjymlaryň edilmegi jemgyýetiň saglygy üçin möhümdigini bellän ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi Aleksandru Nartea Türkmenistanyň çagalara immunizasiýa maksatnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna, esasan hem häzirki çylşyrymly döwürde ýokary baha berýändigini aýtdy.

ÝUNISEF Türkmenistanyň ýurtdaky ähli çagalary sanjymlar arkaly öňüni alyp boljak kesellerden goramak baradaky tagallalaryny hem-de onuň Merkezi Aziýada we bütin dünýäde ýokary immunizasiýa derejesini saklamakda goldaw bermegini dowam eder.