Türkmenistanda dokuz aýda 81 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda dokuz aýda 81 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy
Ministr Döwlet eýeçiligindäki desgalaryň kärendesi üçin 146 million 969 müň 200 manat alnandygyny aýtdy.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň dokuz aýynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, ministr Muhammetgeldi Serdarow garalýan döwürde milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berip, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň kärendesi üçin 146 million 969 müň 200 manat alnandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2%, çykdajy bölegi bolsa 98,1% ýerine ýetirildi.

Ministr 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berip, dokuz aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 49,2%-niň önümçilik toplumlarynyň, 50,8%-niň bolsa durmuş-medeni maksatly desgalaryň bina edilmegine gönükdirilendigini habar berdi.

Şeýle hem milli maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şu döwürde düýpli maýa goýumlaryň 1 milliard 764 million 389 müň manatlygy özleşdirildi.

Türkmenistanda geçen dokuz aýda eksportyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20%-e golaý artdy we 6 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy. Ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda eksportyň möçberi takmynan 50%-e ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022