Türkmen eksporty ýangyç-energetika serişdelerini hasaba almazdan 50% ösdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen eksporty ýangyç-energetika serişdelerini hasaba almazdan 50% ösdi
Daşary söwda dolanyşygy 12,3% artdy we 9 milliard ABŞ dollaryndan hem gowrak boldy.

Türkmenistanda geçen dokuz aýda eksportyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20%-e golaý artdy we 6 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy. Ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda eksportyň möçberi 50%-e golaý ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hem ýokary ösüş depginini saklandygyny belläp geçdi. Şeýlelik bilen, tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş derejesi 6,2% möçberde galdy.

Mundan başga-da, daşary söwda dolanyşygy 12,3% artdy we 9 milliard ABŞ dollaryndan hem gowrak boldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizilendigini aýtdy. Umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler ulanmaga berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda täze desgalaryň gurulmagyndaky oňyn ösüşi belläp geçdi. Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan 2,5 müň töweregi iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, esasy gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryny görkezmek bolar.

Türkmen işewürleriniň milli ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşandyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de onuň ýerine ýetirilişi barada her aýda hasabat bermegiň zerurdygyny nygtady.