Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana harytlarynyň birnäçesiniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Eksport edilýän harytlaryň umumy mukdary 162 million 300 müň ABŞ dollaryna ýetip biler. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýew Tährana amala aşyran iki günlük iş saparynyň dowamynda mälim etdi.
Ministrligiň metbugat gullugynyň duşenbe güni habar berşi ýaly, seljerme esasynda Gazagystanyň Eýrana metallurgiýa, azyk, maşyngurluşygy, himiýa we derman senagaty önümleriniň eksportyny artdyrmak mümkinçiligi ýüze çykaryldy diýip, Törebaýew belledi.
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolundan peýdalanmak iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berer diýip, ministriň orunbasary nygtady. Bu ugur ýylda 10 million tonna haryt geçirmäge mümkinçilik berýär.
“Eýran bu ýol arkaly Russiýanyň we Hytaýyň bazarlaryna, öz gezeginde Gazagystan hem Pars aýlagynyň ähli döwletlerine çykmaklyga mümkinçilik aldy. Bu ugur ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga oňyn täsir etdi” diýip, Kaýrat Törebaýew aýtdy.
Iýul aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Türkmen tarapy resminamany 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda YHG-niň döredilen gününe bagyşlap Aşgabatda gol çekmegi teklip etdi.