Halajyň nah-ýüplük fabrigi 2,5 müň tonnadan gowrak önümini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halajyň nah-ýüplük fabrigi 2,5 müň tonnadan gowrak önümini eksport etdi
Kärhananyň taýýarlan nah ýüplükleriniň dürli ölçegdäki görnüşleri Russiýa, Türkiýe, Eýran, Ermenistan, Polşa ýaly döwletlere iberilýär.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi şu ýylyň başyndan bäri 3 müň 921 tonna ýüplük öndürip, şonuň 2 müň 557,9 tonnasyny eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenişi ýaly, nah-ýüplük egriji fabriginiň eksporta ugradan önümleriniň manatdaky möçberi 25 million 925 müň 105 manada barabar boldy.

Kärhananyň taýýarlan nah ýüplükleriniň dürli ölçegdäki görnüşleri Russiýa, Türkiýe, Eýran, Ermenistan, Polşa ýaly döwletlere iberilýär. Fabrikde şu ýylyň dokuz aýynda jemi öndürilen önüm 39 million 308 müň 467 manatlyga deň boldy. Bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň bäş görnüşi öndürilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligine degişli Halaç etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi 2004-nji ýylda esaslandyryldy.

2022