“Kökçi” 36 müňden gowrak akkumulýator öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kökçi” 36 müňden gowrak akkumulýator öndürdi
“Kökçi” önümçilik üçin zerur bolan çig maly ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek arkaly alýar.

“Kökçi” hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň başyndan bäri 36 müň 430 akkumulýator batareýalaryny öndürdi. Kärhana geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14 müň 484 akkumulýator köp öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habara görä, kärhanada akkumulýator batareýalarynyň sagatda kuwwatlylygy 60, 65, 75, 90, 100, 190 we 200 ampera deň bolan 7 görnüşi öndürilýär. Önümler ýeňil we ýük awtoulaglary üçin niýetlenendir.

“Kökçi” önümçilik üçin zerur bolan çig maly ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek arkaly alýar.

Şeýle-de hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilen ysnyşykly işleýär.

Mundan başga-da, öndürilýän önüm diňe bir içerki bazarlara ugradylman, daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Türkmenabadyň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän “Kökçi” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Kärhanada häzirki wagtda 110 hünärmen zähmet çekýär.

2022