Türkmen kompaniýasy filament lampalaryny öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy filament lampalaryny öndürip başlady
“Abat şekil” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda 4 görnüşli filament lampalaryň aýda 100 müň sanysy öndürýär.

“Abat şekil” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanasynda  “GÖRK” haryt nyşanly filament lampalaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýa Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçiligi ösdürmegiň ikinji tapgyrynda Ýewropada öndürilen enjamlary hem ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Netijede, önümçilige niýetlenen çig mallaryň köpüsi, şol sanda ýörite gurluşly ýagtylyk diodlary bolan filament sapaklary ýurdumyzda öndürilip başlanar.

Kärhanada 30-a golaý hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa häzirki wagtda 4 görnüşli filament lampalaryň aýda 100 müň sanysy öndürýär. Kärhananyň doly kuwwatlylygynda işe başlamagy bilen, her aýda 300 — 400 müň lampa öndüriler.

Habara görä, önümiň esasy artykmaçlygy elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýändiginden, simapsyzdygyndan, ýagtylygy 360 gradus ýaýradýandygyndan, çüýşesiniň adaty diod lampalaryňkydan durulygyndan, çendenaşa gyzmaýandygyndan hem-de ulanyş möhletiniň ululygyndan ybaratadyr.

Täze “GÖRK” haryt nyşanly önümler häzirki wagtda ýurdumyzyň dükanlarynda alyjylara hödürlenýär. Şeýle-hem, harytlaryň eksporty boýunça daşary ýurtly müşderiler bilen gepleşikler geçirilýär.

“Abat şekil” HJ-i ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda 2012-nji ýyldan bäri işleýär. Ol, esasan, binagärlik we dizaýn-bezeg taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýöriteleşendir. Şeýle hem gozgalmaýan emlägiň mahabaty, taslamalary, çyzgylary, 3D animasiýalary taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny edýär.

2022