Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň wekiliýetini ýurduň senagatda, gurluşykda, maşyn gurluşygynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda ýeten sepgitleri bilen tanyşmak üçin sapar bilen Tatarystana çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni ýaýradan Tatarstanyň Prezidentiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda aýdylýar.
Hatda bellenişi ýaly, saparyň çäklerinde senagat kärhanalaryna, şol sanda “KAMAZ” kärhanasyna baryp görmek göz öňünde tutulýar. Ol ýerde türkmen wekiliýeti önümçilik işleriniň gurnalyşy hem-de tehnikalaryň birnäçe täze nusgasy, şol sanda ýolagçy ulagy, elektrobuslar bilen tanşyp biler.
“Bu ulgamda bilelikdäki işler özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegiň ýene bir geljegi uly ugurlarynyň biri bolar” diýip, Prezident Minnihanow nygtady.
Sentýabr aýynyň ahyrynda Tatarstanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada sapar edipdi.
Saparyň çäginde Prezident Minihanow bilen türkmen Baştutanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň öňdebaryjy kärhanalary we kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.
Giňişleýin düzümdäki gepleşiklerden soňra Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.