Eýrana türkmen gazynyň importyny dikeltmek boýunça gepleşikler geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýrana türkmen gazynyň importyny dikeltmek boýunça gepleşikler geçirilýär
Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny 2017-nji ýylda bes etdi. (Surat: Financial Tribune)

Eýranyň resmileri türkmen gazynyň importyny täzeden ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Eýranyň Mejlisiniň energetika boýunça toparynyň agzasy Saýed Musa Musawi ICANA (Islamic Consultative Assembly News Agency) habar agentligine şenbe güni beren interwýusynda aýtdy.

Musawi Eýranyň nebit we energetika ministrlikleriniň ýurtda gaz hem-de elektrik üpjünçiliginiň kesilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri görjekdigine umyt bildirdi.

Gyş möwsüminde elektrik energiýasynyň we gazyň ýetmezçiligi baradaky meselä üns çekip, Musawi “Eýranyň meýilleşdiriş we byujet boýunça guramasynyň baştutanynyň aýtmagyna görä, ýurduň elektrik energiýa ýetmezçiligi 11 müňden 12 müň megawata barabardyr” diýdi. Şeýle-de ol bu meseläni çözmek üçin Türkmenistanyň tebigy gazynyň importy ýaly çeşmelerden peýdalanylmalydygyny belledi.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny bes etdi. Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň öň satyn alan türkmen gazy üçin doly töleg etmänligi muňa sebäp boldy. Bu ugurda uzak dowam eden gepleşiklerden soň taraplar töleg meselesinde gutarnykly netijä gelip bilmändikleri sebäpli “Türkmengaz” döwlet konserni Halkara Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga mejbur boldy.

2020-nji ýylda Halkara Arbitraž kazyýeti eýran-türkmen gaz jedelini Türkmenistanyň haýryna çözdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi sentýabr aýynyň ortalarynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde gepleşikleri geçirdiler. Döwlet Baştutanlary ýurtlaryň arasyndaky tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022