Türkmen demir ýollarynda halkara ýük daşamalary 6 million tonnadan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen demir ýollarynda halkara ýük daşamalary 6 million tonnadan geçdi
Milli Liderimiz “Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň” türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabata görä, şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşalandygy bellenildi.

Baş direktor şu ýylyň dokuz aýynda 7 müň 485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirilendigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berýär.

Mundan başga-da degişli döwürde demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885 müň 600 tonna deň boldy. Şeýle hem serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2 müň 914 sany daşary ýurt ýük awtoulaglary üstaşyr geçirildi hem-de 2 müň 46 daşary ýurt ýük awtoulaglary Türkmenistana getirildi.

Mejlisiň dowamynda Çakyýew milli Liderimiziň garamagyna “Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň” türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky teklibini hödürledi. Ol bu toparyň import, eksport we üstaşyr ýükleriň mukdarynyň artdyrylmagyny, ýurtlaryň ulag-logistika mümkinçiliginiň doly ulanylmagyny we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny gazanmak üçin döredilendigi belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, iki ýurduň bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, beýan edilen teklipleri makullady.

Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleriň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

2022