Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tähran şäherine saparynyň çäklerinde sişenbe güni Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji bilen gepleşik geçirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, ministrler ýurtlaryň energetika ulgamyndaky özara hereketleriniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geljekde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň pudaklaýyn hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.
Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 26-28-nji oktýabry aralygynda Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Saparyň çäklerinde bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky on altynjy mejlisi we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler.