Eýran satyn alan türkmen gazy üçin bergilerini üzmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran satyn alan türkmen gazy üçin bergilerini üzmegi maksat edinýär
Eýranyň Nebit ministri ýurduň Türkmenistandan gaz importyny gaýtadan dikeltmäge synanyşýandygyny nygtap, ozal bu importyň bir günde 40 million kub metre golaý bolandygyny belledi.

Eýran Türkmenistandan satyn alan gazy üçin bergisini gysga wagtda üzmegi maksat edinýär. Bu barada Eýranyň Nebit ministri Jawad Owjiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen sişenbe güni geçirilen duşuşykdan soňra beýanatyna salgylanyp “Shana” agentligi habar berýär.

Owji Eýranyň Türkmenistandan gaz importyny gaýtadan dikeltmäge synanyşýandygyny nygtap, bu importyň ozal “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen uzak möhletleýin şertnamanyň çäginde bir günde 40 million kub metre golaý bolandygyny belledi.

Owjiniň belleýşi ýaly, Eýranyň satyn alan türkmen gazy üçin doly töleg etmänligi sebäpli Türkmenistandan Eýrana gazyň eksporty bes edildi. Bu mesele Halkara Arbitraž kazyýetine geçirildi we netijede kazyýet Eýranyň Türkmenistana bergisiniň mukdaryny kesgitledi.

Energetika we bank ulgamynyň wekillerini öz içine alýan türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň oňyn geçendigini aýdan Owji gaz boýunça berginiň üzülmegi ugrunda netijeli gepleşikler geçirildi diýdi.

Ministriň bellemegine görä, şu maksat bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň we Merkezi bankynyň wekilleri ýakyn günlerde iki ýurduň arasynda bilermenler derejesinde gepleşikleri geçirerler.

Şeýle hem Jawad Owji duşuşygyň dowamynda Tähranyň Türkmen tarapyna bergileri tölemeklige ygrarlylygyny nygtady.

Nebit ministri Eýrana türkmen gazynyň eksportynyň gaýtadan dikeldilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmeklige itergi biljekdigini hem-de Eýranyň hökümetiniň syýasatynyň maksady goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 26-28-nji oktýabry aralygynda Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Saparyň çäklerinde bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky on altynjy mejlisi we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler.