Türkmenistanda Maglumata elýeterlilik merkezi dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Maglumata elýeterlilik merkezi dörediler
Bu merkez Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki Türkmenistanda Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek taslamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, bu täze taslama ýurduň ylym we bilim boýunça wise-premýeri Sapardurdy Toýlyýew tarapyndan teklip edildi.

Toýlyýewiň sözlerine görä, Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrligi ýokary tizlikli internet ulgamyny gurnamak üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuter serişdeleri, zerur serwerler, tor we programma önümleri bilen üpjün edilen Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Wise-premýer bu teklibiň Bilim ministrligi tarapyndan öwrenilendigini hem-de oňa bilim ulgamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim hökmünde baha berilendigini belläp geçdi.

Şeýlelikde, bu merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, sanly bilim hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly olaryň web-dizaýn, programmirleme boýunça sowatlylygyny artdyrmaga ýardam berer diýip Toýlyýew aýtdy.

Milli Liderimiz beýan edilen teklibi makullap, koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi.

2022