Döwletleriň ileri tutýan esasy maksatlarynyň biri göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmakdyr. Bu maksada ýetmekligiň ýeke-täk ýoly jemgyýetçilik, syýasy, hukuk we ykdysady durnuklylygy üpjün etmekdir. Şol sebäpli döwletler içerki kanunçylyklaryna üýtgetmeleri girizýärler.
2008-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” täze Kanuny güýje girdi. 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda Kanunyň käbir maddalaryna üýtgetmeler girizildi. Bu kanun daşary ýurt maýadarlaryny höweslendirmegi we Türkmenistana has köp daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi maksat edinýär. Kanun güýje girenden soňra Türkmenistan 2009-njy ýylda ýyllyk jemi içerki önümiň 22,5%-i möçberinde göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekdi.
Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Kanunyna laýyklykda, içerki maýa goýujylara edilýän işler we maýa goýumlaryndan soňky girdejileri ulanmak baradaky kanunçylyk tertibi, daşary ýurt maýadarlarynyň we daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işleri we maýa goýumlaryndan soňky girdejileri baradaky kanunçylyk tertibinden artykmaçlyk etmeýär. Bu nukdaýnazardan, daşary ýurt maýadarlary hem içerki maýadarlaryň peýdalanýan ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. Daşary ýurt maýadarlaryna ýeňillikli wiza mümkinçilikleri berilýär, üstesine-de, daşary ýurt maýa goýum kärhanalaryna doly eýeçilik hukugy bolan daşary ýurt maýadarlarynyň we ýurdyň raýaty bolmadyk fiziki şahslaryň Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanda hemişelik ýaşamaga hukuklary bardyr.
Daşary ýurt maýadarlary salgyt we beýleki hökmany tölegleri tölänlerinden soňra umumy girdejilerini we sap girdejilerini Türkmenistanyň çäklerinde ulanyp bilerler ýa-da ýurdyň daşyna çykaryp bilerler. Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylan daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly ýüze çykan jedeller Türkmenistanyň kazyýetleri ýa-da taraplaryň ylalaşan islendik başga kazyýetleri arkaly çözülýär.
Tebigy baýlyklary gözlemek we çykarmak boýunça daşary ýurt maýadarlarynyň tejribesinden peýdalanmak we täze tehnologiýalaryň ýurda girmegini çaltlaşdyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlary möhüm orun tutýar. Türkmenistan çig mal serişdelerine baý ýurt bolup, energiýa pudagy ýurdyň iň ähmiýetli pudaklarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan tebigy baýlyklary gözlemek we çykarmak üçin daşary ýurt maýadarlary zerur bolup durýar. Hukuk tertipnamalarynyň düzülmegi we ýeňillikli şertleriň üpjün edilmegi daşary ýurt maýadarlary üçin oňyn gurşaw döretdi.
Türkmenistanda birnäçe pudak, esasanam energiýa pudagy daşary ýurt maýadarlary üçin möhüm mümkinçilikleri hödürleýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan beýleki pudaklar bilen deňeşdirilende dokma pudagyna has köp möçberde daşary ýurt maýasyny çekdi. Türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlarynyň goldanylýandygy we oňyn maýa goýum gurşawyny döretmek üçin zerur bolan syýasy we makroykdysady özgertmeleriň talap edilýän şertlerde durmuşa geçirilmegi üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdiler.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda iki ugurdaky maýa goýumlaryna baha bermek zerurdyr:
- Nebit we tebigyz gaz ýataklaryna goýulýan maýa goýumlary: Bu ugurda maýa goýujylaryň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” kompaniýasy, Malaýziýanyň “Petronas” kompaniyasy, Russiýa Federasiýasynyň “ARETI” kompaniyasy öňe saýlanyp, olar öz işlerini girdejileri we önümleri paýlaşmak şertnamasynyň çäklerinde alyp barýarlar.
- Täze önümçilik desagalaryna goýulýan maýa goýumlary: Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan soň önümçilik desgalarynyň giňden gurulmagy we ulanylmaga berilmegi ýurda giň möçberlerde daşary ýurt maýasynyň girmegine sebäp boldy. Daşary ýurt maýasynyň ýurda girmeginde esasanam dokma senagaty we himiýa senagaty möhüm orny eýeleýär. Dokma senagaty Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekýän esasy pudaklaryň biridir.
Türkmenistan, dürli platformalarda bu ugurda gyzyklanma bildirýän taraplara ýurduň göni daşary ýurt maýa goýum mümkinçiliklerini beýan edýär we zerur maglumatlary berýär. Bu platformalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň häkimiýetleri halkara kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirýärler. Bu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan Milli ykdysadyýetiniň esasy altı pudagynda - nebit-gaz, senagat, telekommunikasiýa, himiýa, energiýa we gurluşyk - häzirki söwda mümkinçilikleri tanyşdyrylýar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty