Ýuridik şahslara döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga rugsat berilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýuridik şahslara döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga rugsat berilýär
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek bäsleşik esasynda ýa-da göni (salgyly) bermek ýoly bilen amala aşyrylýar.

“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 16-njy noýabrda türkmen resmi metbugatynda çap edilmegi bilen güýje girdi. Bu Kanuna laýyklykda ýuridik şahslara döwlet emlägini, ýagny hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň maýalaryndaky paýlar we paýnamalar, şeýle hem döwlet kärhanalaryny ynançly dolandyrmaga rugsat berilýär.

Kanun döwlet emlägini peýdalanmagyň netijeliligini we onuň girdejililigini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysadyýetine daşarky we içerki maýa goýumlary çekmek, döwlet emläginiň ykdysady we maliýe ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen işlenilip düzüldi.

Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi üçin ynançly dolandyryjy:

  • Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýuridik şahs hökmünde bellige alnan bolmalydyr;
  • azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmalydyr;
  • soňky iki ýylyň dowamynda peýda gazanyp işleýän bolmalydyr;
  • döwlet býujetine we karz edaralaryna karz boýunça möhleti geçen bergileri bolmaly däldir.

Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek bäsleşik esasynda ýa-da göni (salgyly) bermek ýoly bilen amala aşyrylýar.

Ynançly dolandyryjynyň şertnamada göz öňünde tutulan hak-heşdegiň tölenilmegine, şeýle hem özüne ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň ulanylmagyndan alnan girdejileriň hasabyna, emma degişli döwür üçin girdejileriň 20% köp bolmadyk mukdarda ynançly dolandyran mahalynda zerur bolan eden çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

Eýeçiligiň eýesiniň ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň bitewüligini we abatlygyny barlamaga, onuň işi bilen bagly maglumatlary almaga, durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga, şertleriniň berjaý edilişini barlamaga hukuklary bardyr.

Öz gezeginde ynançly dolandyryjynyň şertnama laýyklykda, eýeçiligiň eýesiniň ýa-da onuň görkezen şahsynyň bähbitlerine islendik ýuridik we hakyky hereketleri amala aşyrmaga, hak-heşdek almaga we döwlet emlägi ynançly dolandyrylýan mahalynda eden zerur çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna, täjirçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň barşynda öndürilen önümleriň nyrhlaryny kesgitlemäge, kärhananyň gurluş düzümini we wezipe sanawyny kesgitlemäge we ony tassyklamaga hukuklary bardyr.

Türkmenistanyň döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Çeşme: “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny