Türkmenistanda hususy kärendeçilere 326 müň gektardan gowrak ýer bölünip berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda hususy kärendeçilere 326 müň gektardan gowrak ýer bölünip berler
Ýer bölekleri 99 ýyla çenli peýdalanmaga beriler.

Uzak möhletleýin ulanmak üçin ýörite oba hojalyk ýer gaznasyndan hususy önüm öndürijilerine oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdan ýer bölünip berler. Bu baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly sişenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew bu teklibi hödürläp, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalarynyň döredilmegi boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli ylalaşyklaryň işlenilip taýýarlanylandygyny habar berdi.

Wise-premýer ady agzalan ýer gaznasyndan beriljek ýer bölekleriniň azyndan 70%-de şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça 99 ýyla çenli peýdalanmaga beriljekdiginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,hususy maýa goýumlaryň döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini, täze iş orunlaryny döretmegiň esasy bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri makullap, olary degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022