“Merkezi Aziýa-Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň gün tertibi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa-Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň gün tertibi maslahatlaşyldy
“Merkezi Aziýa-Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisi şu ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýon bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginiň barşynda “Merkezi Aziýa-Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdyrlar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň muňa oňyn itergi berýändigini nygtadylar.

Hususan-da, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň bilelikdäki Işewürlik geňeşiniň, şeýle-de “Merkezi Aziýa-Koreýa” köptaraplaýyn formatyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň ähmiýeti hem bellenildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän forumynyň gün tertibine garadylar.

“Merkezi Aziýa-Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisi şu ýylyň 30-njy noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

2022