Duşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň sanly ulgam arkaly 5-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi, şeýle-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça halkara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, türkmen tarapyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem-de hytaý tarapyna HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen ýolbaşçylyk etdiler.
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň barşynda şeýle-de nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň “Hytaý + Merkezi Aziýa” formatyndaky netijeli özara gatnaşyklary hem bellenilip geçildi.
Taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp geçdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda: Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021-2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bardyr.