Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça resminamalara gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça resminamalara gol çekdiler
Mejlisiň barşynda nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meselelere garaldy.

Duşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň sanly ulgam arkaly 5-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi, şeýle-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça halkara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, türkmen tarapyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem-de hytaý tarapyna HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen ýolbaşçylyk etdiler.

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň barşynda şeýle-de nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň “Hytaý + Merkezi Aziýa” formatyndaky netijeli özara gatnaşyklary hem bellenilip geçildi.

Taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp geçdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda: Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021-2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bardyr.

2022