Özbegistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkmenistana sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkmenistana sapar eder
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana, Gazagystana we Günorta Koreýa sapar amala aşyrar. Bu barada Özbegistanyň Baştutanynyň Russiýa eden soňky saparynyň netijelerinden soňra mälim eden teswirine salgylanyp, “kun.uz” saýty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýew ýekşenbe güni Türkmenistana ugrap, dekabr aýynda Gazagystana we Günorta Koreýa sapar eder.

“Biz ýurdumyzda açylýan mümkinçiliklere maýa goýujylary çalt çekmelidiris. Maýa goýujylar üçin tiz wagtyň dowamynda şert döretmelidiris” diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.

Özbegistanyň Baştutany 19-njy noýabrda Russiýa sapar amala aşyrypdy. Bu Prezidentiň ikinji möhlete saýlanandan soň ilkinji daşary ýurt sapary boldy. Saparyň dowamynda 18 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Özbegistanyň Prezidenti ozal şu ​​ýylyň awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelipdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynyň başynda Özbegistana resmi sapar amala aşyrypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022