Türkmenistan ŞHG agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ŞHG agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ mejlisine gatnaşdy
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu gurama girýän ýurtlaryň Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary bolup durýandygy möhümdir. ŞHG bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýurdumyzyň dünýä we kontinental işlere gatnaşmagynyň umumy ugry hökmünde garaýarys diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary nygtady.

“Türkmenistanyň we ŞHG-nyň strategik ugurlar boýunça bähbitleriniň gabat gelýändigi bellärliklidir. Olary iş ýüzünde amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly bilelikdäki halkara taslamalara çykmak arkaly, olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak möhümdir. Biz energetika we ulag ulgamlarynda, söwdada hem-de maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris” diýip, wise-premýer belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-na gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Türkmenistanda geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi.

Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.