Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada şenbe güni resmi sapar amala aşyrar. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitine hem gatnaşar.
Ärdoganyň iki günlük sapary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda amala aşyrylar. Bu barada Türkiýäniň Aragatnaşyk Müdirliginiň anna güni beren beýanatyna salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.
Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň Baştutany Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyklar geçirer we bu ýygnaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we sebit meseleleri barada pikir alyşar.
Soňra Ärdogan ýekşenbe güni “Geljege bilelikde” mowzugy bilen geçiriljek YHG-niň sammitine gatnaşar.
Şeýle hem, sammitiň çäginde Ärdogan käbir agza döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, Guramanyň Baştutanlyk möhletini Türkmenistanyň Prezidentine geçirer.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly anna güni YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine we YHG-nyň XV sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.
Türkiýäniň Daşary syýasat edarasynyň beýanatyna görä, Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy ilki bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň YHG-nyň sammitiniň çäginde Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk barada pikir alyşdy.
YHG 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Eýran, Türkiýe, Pakistan, Owganystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan bu guramanyň agzalarydyr.