Türkmen kompaniýasy kagyz önümlerini Özbegistana we Türkiýä eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy kagyz önümlerini Özbegistana we Türkiýä eksport edýär
“Türkmen pamyk” hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri gofrirlemek üçin kagyz önümçiligini alyp barýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Türkmen pamyk” hojalyk jemgyýeti kagyz önümlerini Özbegistan hem-de Türkiýe Respublikasy ýaly döwletlere eksport edýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada Hytaý Halk Respublikasynyň kuwwatly tehnikalary ornaşdyrylandyr. Kompaniýada aýda 176 tonna gofrirlemek üçin kagyz öndürilýär. Bu önümler çaphanada kitap daşlaryny, dokma senagatynda kagyz tegekleri öndürmekde giňden ulanylýar.

Kärhanada aýda kagyz galyndylarynyň 230 tonnasyny, gowaça çöpüniň, samanyň, gamşyň 60 tonnasyny gaýtadan işläp, rulon görnüşinde gofrirlemek üçin kagyz öndürýär.

Bulardan başga-da, kompaniýanyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň we paýtagtymyzyň çäklerinde ulanyşdan galan kagyz galyndylaryny, karton gutulary toplaýarlar. Soňra toplanan kagyz galyndylary önümleri kärhanada arassalanyp, gaýtadan işlenilýär.

“Türkmen pamyk” hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri gofrirlemek üçin kagyz önümçiligini alyp barýar. Kärhana geljekde kagyzyň dürli görnüşlerini öndürmegi, önümçiligiň kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär.