Bilermenler: Azerbaýjan-Eýran-Türkmenistan gaz ylalaşygy taraplar üçin bähbitlidir

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Bilermenler: Azerbaýjan-Eýran-Türkmenistan gaz ylalaşygy taraplar üçin bähbitlidir
Ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar.

Azerbaýjan-Eýran-Türkmenistan gaz alyş-çalşy boýunça şertnamasynyň uly ähmiýeti bardyr, sebäbi birinji bilen goňşy ýurtlaryň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk zerurdyr diýip, Azerbaýjanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň professory Elşad Mammedow “Trend” agentligine beren beýanatynda aýdýar.

Azerbaýjan, Eýran we Türkmenistan 28-nji noýabrda Aşgabatda gaz alyş-çalşy boýunça şertnama baglaşdylar. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar. Alyş-çalyş şu ýylyň 22-nji dekabrynda başlanar. Üçtaraplaýyn şertnama Eýranyň bäş welaýatyny gaz bilen üpjün eder.

“Biziň Russiýa bilen şeýle şertnamalarymyz bar. Energetika üpjünçiligi meselesinde ýurtlar ilkinji nobatda energiýa çeşmeleriniň deň paýlanmaýandygyny göz öňünde tutup, goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmeli. Hatda energiýa baý döwletlerde-de çeşmeler deň derejede paýlanylmaýar. Eýranda ägirt uly gaz gorlary bar bolsa-da, Azerbaýjan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitlerde adatça energiýa ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bu meselede bolsa Azerbaýjandan gelýän gaz üpjünçiliginiň mümkinçilikleri gaty uludyr. Eýranyň Azerbaýjan bilen serhetleşýän sebitleri üçin gaz üpjünçiligini Eýranyň günorta sebitinden däl-de, Azerbaýjandan almagyny has girdejili hasaplaýaryn” diýip, Mammedow belledi.

Şol bir wagtyň özünde Mammadow Eýrandan Nahçywana gaz ibermegiň has amatlydygyny aýdyp, içerki senagat we sarp edijiler üçin energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmegiň örän möhümdigini nygtady.

Mammedow onuň Türkmenistan üçin hem möhüm karardygyna ynanýar.

“Alyş-çalyş üpjünçilik şertnamalary ikitaraplaýyn bähbitlidir. Türkmenistanda degişli logistiki meseleler sebäpli ägirt uly gaz çeşmeleri üçin alyjy tapyp bolmaýan ýagdaýlar bar. Şu nukdaýnazardan Azerbaýjanda gaz sarp edilişiniň mukdarynyň has çalt ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, biz içerki bazary türkmen gazy bilen üpjün edip bileris” diýip, Elşad Mammedow nygtady.

Täze Günorta Syýasat Merkeziniň hem-de Fransiýanyň Halkara we Strategiki gatnaşyklar institutynyň Baş ylmy işgäri Fransis Perrin “şertnama üç ýurduň ykdysady we energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çynlakaý synanyşýandygyny görkezýär” diýdi.

“Türkmenistanda ägirt uly gaz gorlary bar. BP-niň Bütindünýä energiýasynyň statistik seljermesine görä, Türkmenistanda subut edilen gaz gorlary Russiýa, Eýran we Katardan soň dünýäde dördünji orunda durýar. Bu ýurt gaz eksportyny artdyrmaga synanyşýar. Ýaňy-ýakynda Eýran we Azerbaýjan bilen baglaşylan şertnama bu ugurda täze ädimdir. Ugradylýan gazyň mukdary ýylda 2 milliard kubmetre çenli ýa-da ondanam köp (günde 5-6 million kubmetr) bolup biler” diýip, Perrin aýtdy.

Şeýle-de Perrin Eýranyň ägirt uly gaz mümkinçiliginiň bardygyny, emma gyşda demirgazyk welaýatlarynyň gaz ýetmezçiligine duçar bolýandygyny belläp geçdi.

Perriniň belleýşi ýaly, bu ylalaşyk Eýrana goňşulary bilen ykdysady we energiýa gatnaşyklaryny ösdürmäge we geografiki ýerleşişi hem-de energiýa infrastrukturasy netijesinde ýurduň energiýa söwda merkezi roluny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem, Azerbaýjan günde 5-6 million kubmetr tebigy gaz alar we bu şertnama Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmaga ýardam berer.

Munuň bilen birlikde, Perrin Eýranyň Türkmenistan bilen gaz töleg meselesini çözmekde käbir çäreleri görendigini aýtdy.

Perrin sözüni jemläp, Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň, şeýle hem dünýäniň käbir beýleki ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

2022