2021-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň umumy möçberi 3 milliard 286 million 400 müň manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 5,35% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank gözegçiligi müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň noýabr aýy ýagdaýyna goýumlaryň umumy möçberi 3 milliard 119 million 500 müň manada deň bolupdy.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2021-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň paýdarlar täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 664 million 88 müň manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 107,4% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň noýabr aýy ýagdaýyna bu goýumlaryň umumy möçberi 320 million 100 müň manada barabar bolupdy.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň döwlet täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 2 milliard 619 million 900 müň manada deň bolup, daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynda goýlan goýumlaryň umumy möçberi 1 milliard 700 million manada barabar boldy.
Merkezi bankyň Ylmy önümçilik geňeşiniň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Merkezi bankda açylan karz edaralarynyň aragatnaşyk hasaplaryndaky galyndylary 12 milliard 243 million 100 müň manada deň boldy.
Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde “Türkmenbaşy” hem-de “Senagat” banklarynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary açyldy.
Merdan Jumaýew
Türkmenistanyň Milli Ykdysadyýeti ugry boýunça magistri