Astrahanyň Olýa portunda türkmen logistika merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanyň Olýa portunda türkmen logistika merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär
Logistika merkezini Olýa portunyň çäginde döredilýän ýörite port ykdysady zolakda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň telekeçilik boýunça bilelikdäki geňeşi çarşenbe güni geçirilen 3-nji mejlisiniň dowamynda hyzmatdaşlyk meselelerini, şol sanda Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahat sanly ulgam arkaly geçirildi. Bu barada Astrahan oblastynyň häkiminiň metbugat gullugy habar berdi.

“Lotos” ýörite ykdysady zolagynyň baş direktory Sergeý Miluşkiniň aýtmagyna görä, merkez üçin mümkin bolan meýdan eýýäm kesgitlenildi. Ony Olýa portunyň çäginde döredilýän ýörite port ykdysady zolakda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Sebitiň senagat we tebigy baýlyklar ministri Denis Afanasýewiň aýtmagyna görä, 2021-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 198 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

“Daşary söwdanyň mümkinçiliginiň has ýokarydygyna düşünýäris we bu ugurdaky gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmek isleýäris” diýip, Afanasýew aýtdy.

Astrahanyň telekeçileriniň Türkmenistany oba hojalyk we senagat önümleri bilen üpjün etmäge we öz gezeginde Türkmenistandan dokma önümlerini, pagta süýümini hem-de polipropileni satyn almaga taýýardyklary bellenilýär.

Astrahan oblasty we Türkmenistan gämi gurluşygy pudagynda hem hyzmatdaşlyk saklaýar. Astrahanyň kärhanalary Türkmenistan üçin birnäçe nebit platformalaryny we beýleki flot desgalaryny gurdular hem-de täze gämi gurluşyk buýurmalary ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.