Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Hindistana sapara çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Hindistana sapara çagyrdy
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň Respublika gününiň baýramçylygyna hem-de Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni ýaýradan Hindistanyň Premýer-ministriniň hormatly Prezidentimize iberen hatynda aýdylýar.

Hatda bellenilişi ýaly, Narendra Modi Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

“Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi” diýip, Modiniň hatynda nygtalýar.

Şeýle hem, ýetip gelýän 2022-nji ýyl Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüler hem-de diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslener diýip, Hindistanyň Premýer-ministri aýtdy.

Munuň bilen birlikde, Narendra Modi geljek ýyl Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň biri bolup, ýurt Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny belleýändigini nygtady.

“Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublika gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublika gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar” diýip, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belledi.

Hindistanyň Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýandygy hem-de sebit bilen berk we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydygy bellenildi.

“Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Hindistanyň Respublika güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy hem teklip edýärin. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar” diýip, Narendra Modi hatda aýtdy.

Respublika güni Hindistanyň milli baýramçylygy bolup, ol gün 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda güýje giren Hindistanyň Konstitusiýasynyň güni hem bellenilýär.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022