Türkmenistanda “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunyň taslamasy taýýarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunyň taslamasy taýýarlandy
Täze Kanunyň taslamasynda durmuş hyzmaty düşünjesine kesgitleme berilýär hem-de mazmuny açylyp görkezilýär. (Surat: "Orient.tm")

Aýry-aýry adamlara durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu Kanun taslamasyna şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 16-njy maslahatynda seredilip geçildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, täze Kanunyň taslamasynda durmuş hyzmaty düşünjesine kesgitleme berilýär hem-de mazmuny açylyp görkezilýär. Ol aýry-aýry adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, öz şahsy isleglerini özbaşdak üpjün etmek mümkinçiligini giňeltmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleri hem-de hereketleri göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, deputatlaryň garamagyna “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” hem-de “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi. Şeýle-de maslahatyň dowamynda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

2022