“Şir deri” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Şir deri” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy
Önümçilikde aýakgaplaryň berkligi bilen birlikde, daşky görnüşiniň döwrebap bolmagyna hem aýratyn üns berilýär.

Telekeçi Guwançmyrat Durdyýewiň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän kärhanasynda şu ýylyň noýabr aýynda “Şir deri” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde günde taýýar deriden aýakgaplaryň onlarça jübüti öndürilip, önümçilikde esasy çig mal hökmünde “Maksat-deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön önümleri ulanylýar. Önümçilikde aýakgaplaryň berkligi bilen birlikde, daşky görnüşiniň döwrebap bolmagyna hem aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda kompaniýada ýigrimiden gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Bu ýerde aýakgap önümçiliginden başga-da, buýurmalar esasynda taýýar deriden zenan torbalary, talyplar we mekdep okuwçylary üçin torbalar hem öndürilýär.

Telekeçi Durdyýew geljekde öz önümçiliginiň gerimini giňeltmegi we kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär.

2022