Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz alyş-çalşynyň taýýarlyk işlerine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz alyş-çalşynyň taýýarlyk işlerine seredildi
Taraplar şertnamanyň ýerine ýetiriliş tapgyrlaryna taýýarlyk işlerine garadylar. (Surat: “Shana”)

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew çarşenbe güni Tähranda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşy boýunça şertnamasynyň durmuşa geçirilişiniň taýýarlyk işlerine seretdiler.

Eýranyň Nebit ministrliginiň “Shana” habar gullugynyň belleýşi ýaly, Owji we Abdullaýew Eýran bilen Azerbaýjanyň energiýa gatnaşyklaryny ösdürip, iri nebit we gaz gorlarynyň ýerleşýän ýeri bolan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda esasan dekabryň ahyrynda güýje girmegine garaşylýan Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşy boýunça şertnamanyň amala aşyrylmagyna üns berildi. Taraplar şertnamanyň ýerine ýetiriliş tapgyrlaryna taýýarlyk işlerine garadylar.

Üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşy boýunça şertnama 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi.

Resminama laýyklykda, ýylda 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar.