Özbegistanda “Italiýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrler maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanda “Italiýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrler maslahaty geçirildi
Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Gazagystanyň DIM-i)

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde gibrid görnüşinde çarşenbe güni “Italiýa-Merkezi Aziýa” formatynda daşary işler ministrleriniň ikinji maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.  

Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini, şol sanda syýasat, ykdysadyýet, energetika, ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň sanly wideoýüzlenmesinde ýurtlarymyzyň dünýä syýasatynyň iň wajyp meseleleri boýunça pikirleriniň köplenç halatda gabat gelýändigini hem-de emele gelen köptaraplaýyn dialogyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendigini nygtady.

Tutuş adamzadyň garşy göreşýän täze ählumumy wehimleri hakynda aýdylanda, Raşid Meredow pandemiýanyň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň utgaşdyrylan hereketlerini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz alym-lukmanlaryň we bilermenleriň ulgamlaýyn özara gatnaşyklary, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary üçin gerek bolan şertleri döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi.        

Maslahatyň çäklerinde “Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri” atly tegelek stol hem gurnaldy.

“Italiýa-Merkezi Aziýa” formatynda daşary işler ministrleriniň birinji maslahaty 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirildi.

2022