Igor Babuşkin: Astrahanyň kompaniýalary türkmen harytlaryna isleg bildirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Igor Babuşkin: Astrahanyň kompaniýalary türkmen harytlaryna isleg bildirýärler
Söhbetdeşligiň dowamynda nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler hyzmatdaşlygyn möhüm ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň kompaniýalary köp sanly türkmen harytlaryna, ýagny dokma önümlerine, möwsümleýin gök we miwe önümlerine, pagta süýümine we polipropilene uly isleg bildirýärler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda penşenbe güni geçirilen duşuşygynyň dowamynda mälim etdi.

Astrahan oblastynyň gubernatorynyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, 2021-nji ýylyň dokuz aýynyň netijelerine görä, Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy takmynan 200 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle-de Igor Babuşkin Döwlet Baştutanymyza Astrahan kompaniýalarynyň türkmen bazaryny däne we agaç önümleri, ýörite maksatly turbalar, torlar, balyk iýmitleri we oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Milli Liderimiz Russiýanyň ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Hazarýaka döwletleriň deňiz menzilleriniň birnäçesine, şol sanda Russiýanyň “Olýa” deňiz portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam ediljekdigine özara ynam bildirildi.

Duşuşyga Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.

Munuň bilen birlikde, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022