Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi Owganystana gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi Owganystana gowşuryldy
Ynsanperwer kömegi 1,200 tonna mukdaryndaky Türkmenistanda öndürilen dürli maksatly ýüklerden ybaratdyr.

Türkmenistanyň azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi goňşy Owganystana sişenbe güni gowşuryldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, ynsanperwer ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekiliýeti, Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Şer Muhammad Abbas Stanikzaý, Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Yslamjar, şeýle-de Owganystanyň beýleki degişli pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. 

Ynsanperwer kömegi Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerini we azyk senagatynyň harytlaryny öz içine alýan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýüklerden, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerinden ybaratdyr.

Ynsanperwer kömegini gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan Owganystanyň Akina şäherçesiniň täze metjidinde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.

Ynsanperwer kömegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda ugradyldy.