Dutar ýasamak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dutar ýasamak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
Dutar türkmen saz sungatynyň esasy guraly we aýdym-saz sungatydyr.

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada ÝUNESKO çarşenbe güni yglan etdi.

Bu karar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinde kabul edildi. Bu mejlis 13-18-nji dekabr aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýär.

“Dutar türkmen saz sungatynyň esasy guraly we aýdym-saz sungatydyr. Dutar uzyn saply, tut agajyndan ýasalýan kädiden durýan, barmakda çirtilip kakylyp çalynýan 2 sany kirişli saz guralydyr. Dutaryň kädisi we gapagy tut agajyndan, onuň sapy bolsa erik agajynyň şahasyndan ýasalýar” diýlip, ÝUNESKO-nyň saýtynda aýdylýar.

Dutaryň göwresini ýasamak üçin agaç tegeleklenip, içi boşadylýar we tekizlenýär. Dutaryň göwresiniň çyglylygyny aýyrmak üçin ol 24 sagatlap tamdyrda guradylýar. Soňra ol sapa ýelmenilýär. Ahyrynda guralyň göwresi, sapy we kirişleri birigip saz berýär.

Dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, türkmen aýdym-sazynyň we bagşyçylyk sungatynyň esasy bölegidir. Türkmenistanda dutar sazy dürli baýramçylyklarda, dabaralarda, jemgyýetçilik ýygnanyşmalarynda we çärelerde diňlenilýär diýlip, beýanatda aýdylýar.

2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen haly önümçiligi sungaty hem goşuldy.

ÝUNESKO dünýädäki möhüm maddy däl medeni miraslary has gowy goramak we olaryň ähmiýetine ünsi çekmek maksady bilen 2008-nji ýylda maddy däl medeni mirasynyň sanawyny döretdi.