Lebapdaky hususy aýakgap kärhanasy gaýyş önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapdaky hususy aýakgap kärhanasy gaýyş önümçiligine başlady
Telekeçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy 2020-nji ýylyň aprel aýynda işe girizildi.

Telekeçi Arslan Möwlamowyň Lebap welaýatyndaky “Ýelken” haryt nyşanly deri aýakgaplaryny öndürýän kärhanasynda gaýyşlaryň ilkinji synag tapgyry öndürildi.

Häzirki wagtda bu kärhanada erkek adamlara, zenanlara we çagalara niýetlenilen aýakgaplaryň 220-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berildi.

Kärhanada şu ýylda öndürilen erkek adamlara niýetlenen aýakgaplaryň sany 2,5 müňden, gyş möwsümi üçin niýetlenen aýakgaplaryňky 330-dan we ýarym ädikleriň jübüdi 100-den geçdi.

Sargytlaryň aglabasy kompaniýa degişli dükanlardan gelýär. Bu ýerde has uly ölçegli köwüşler hem sargytlar boýunça tikilýär. Kompaniýada hünärmenleriň 13-si zähmet çekýär.

Telekeçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy 2020-nji ýylyň aprel aýynda işe girizildi. Ýakynda telekeçi erkek kişiler üçin deriden başgaplaryň önümçiligini hem ýola goýmagy maksat edinýär.

2022