Ýewropada tebigy gazyň bahasy $1,700-den geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropada tebigy gazyň bahasy $1,700-den geçdi
Ýewropada tebigy gazyň bahasynyň galmagyna ätiýaçlyk gorlaryň az bolmagy hem-de sebitdäki ýel energiýasynyň önümçiliginiň peselmegi öz täsirlerini ýetirdi. (Surat: AP)

Ýewropada howanyň garaşylandan has sowamagy boýunça çaklama esasynda sebitde tebigy gazyň 1 müň kubmetriniň bahasy 1 müň 700 ABŞ dollaryndan geçdi.

Ýewropada tebigy gazyň bahasynyň galmagyna Russiýadan Germaniýa uzaýan “Demirgazyk akym 2” (Nord Stream 2) gaz geçirijisiniň geljegi boýunça beýan, ätiýaçlyk gorlaryň az bolmagy hem-de sebitdäki ýel energiýasynyň önümçiliginiň peselmegi hem öz täsirlerini ýetirdi.

Penşenbe güni geçirilen söwda geleşikleriniň ahyrynda “ICE Futures” biržasynda TTF tebigy gaz indeksi esasynda ýanwar aýy üçin gaz şertnamalarynyň bahasy 1 müň 714 ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada “Interfaks” agentligi habar berdi.

Indiki hepdäniň dowamynda Ýewropada howa temperaturasynyň yzygiderli peselmegi we howanyň öň garaşylandan has sowuk bolmagy çaklanylýar.

Germaniýanyň energiýa bazary boýunça jogapkär edarasy penşenbe güni “Demirgazyk akym 2” gaz geçirijisiniň işe girizilmegi baradaky kararyň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyna çenli kabul edilmejekdigini habar berdi.

Noýabr aýynda Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda (Ýewropanyň esasy gaz söwda biržasy) gazyň 1 müň kubmetriniň ortaça bahasy 945 ABŞ dollaryna, dekabr aýynda bolsa onuň ortaça bahasy 1 müň 205 ABŞ dollaryna barabar boldy.