Nýu-Delide Hindistan-Merkezi Aziýa dialogynyň üçünji duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nýu-Delide Hindistan-Merkezi Aziýa dialogynyň üçünji duşuşygy geçiriler
Nýu-Deli, Hindistan

Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde 18-20-nji dekabr aralygynda “Hindistan — Merkezi Aziýa” Dialogynyň üçünji duşuşygy geçiriler.

Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýan Jaýşankar tarapyndan gurnaljak duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşarlar. Bu barada Hindistanyň daşary syýasat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Ministrler Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşarlar. Gepleşiklerde söwda, ulag-aragatnaşyk we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlyga üns berler. Ministrler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşarlar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşmagyna garaşylýar.

“Hindistan — Merkezi Aziýa” Dialogynyň ikinji duşuşygy geçen ýylyň oktýabr aýynda sanly ulgam arkaly geçirilipdi.

2022