Eýranyň milli nebit kompaniýasy: türkmen gazynyň importy boýunça gepleşikler tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň milli nebit kompaniýasy: türkmen gazynyň importy boýunça gepleşikler tamamlanýar
Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bes edipdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Milli nebit kompaniýasynyň direktory Mohsen Hojasteh Mehr türkmen gazynyň importy boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyrdadygyny mälim etdi. Bu barada Eýranyň ILNA maglumatlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Mohsen Hojasteh Mehr ILNA agentliginiň türkmen gazynyň importynyň gaýtadan başlanjak möhleti boýunça soragyna “Türkmenistandan gaz importy bilen baglanyşykly gepleşikler jemleýji tapgyrda we bu ugurdaky işler gowy depginde dowam edýär” diýip, jogap berdi.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny bes edipdi. Eýran öň satyn alan türkmen tebigy gazynyň bergisini ýapmanlygy muňa sebäp bolupdy. Bu ugurda uzak dowam eden gepleşiklerden soň taraplar töleg meselesinde gutarnykly netijä gelip bilmändikleri sebäpli “Türkmengaz” döwlet konserni Halkara Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga mejbur bolupdy.

2020-nji ýylda Halkara Arbitraž kazyýeti eýran-türkmen gaz jedelini Türkmenistanyň haýryna çözüpdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Aşgabat şäherine eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçiripdi. Onuň dowamynda taraplar Eýrana türkmen gazynyň gaýtadan ugradylmagy boýunça ylalaşypdylar.

2022