Türkmenistan Pakistan we Hindistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmegi nazarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pakistan we Hindistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmegi nazarlaýar
Türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň netijeleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berildi.

Türkmenistan Pakistan we Hindistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda zerur işleri dowam etdirer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşmagynda çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda belledi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Onuň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklara gatnaşyp, degişli gepleşikleri geçirendigi barada habar berildi.

Wise-premýer türkmen wekiliýetiniň Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşandygyny aýtdy. Onuň çäklerinde türkmen tarapynyň birnäçe möhüm ugurlar boýunça duşuşyklary, bilermenleriň maslahatlaşmalaryny ýola goýmak baradaky başlangyçlary beýan edildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesiniň taslamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmagyň möhümdigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Nýu-Delide geçirilen Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklary özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Wise-premýer Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada hem aýtdy. Onda söwda-ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, TOPH taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-hindi pudagara iş toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyçlar beýan edildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň baş baýramy bolan Respublika güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna hindi tarapynyň uly ähmiýet berýändigi barada aýdyldy.

Mundan başga-da, wise-premýer Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşandygy barada hem hasabat berdi. Wise-premýer bu mejlisiň netijeleri boýunça Owganystanda ynsanperwerlik ýagdaýy barada Kararnamanyň kabul edilendigini habar berdi.

Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparynyň dowamynda Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklarynyň geçirilendigi barada habar berildi. Duşuşyklaryň dowamynda Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, TOPH taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek bilen bagly başlangyçlar beýan edildi.

2022