Özbegistanda tebigy gazdan sintetiki ýangyç öndürýän zawod açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanda tebigy gazdan sintetiki ýangyç öndürýän zawod açyldy
Umumy taslama bahasy 3,4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan UzGTL zawodynda ýylda 1,5 million tonna sintetiki ýangyç öndüriler. (Surat: “Reuters”)

Özbegistanyň günorta-gündogar sebitinde ýerleşýän Kaşkaderýa welaýatynda şenbe güni tebigy gazdan sintetiki ýangyç (GTL - gas to liquid) öndürýän zawod işe girizildi.

Özbegistanyň Milli habar agentliginiň aýtmagyna görä, umumy taslama bahasy 3,4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan UzGTL diýlip atlandyrylýan zawodda ýylda 1,5 million tonna sintetiki ýangyç öndüriler.

Zawod ýylda 3,6 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Golaýda ýerleşýän Şurtan tebigy gaz ýatagy täze desgany çig mal bilen üpjün eder.

UzGTL-yň ýylda 307 müň tonna uçar kerosinini, 724 müň tonna dizel ýangyjyny, 437 müň tonna naftany we 53 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew zawodyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, zawodyň önümleriniň her ýyl 500 million ABŞ dollarlyk importyň ornuny tutup, onuň eksporty bolsa 200 million ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny belledi.

Zawodyň gurluşygy 2017-nji ýylda Günorta Koreýanyň “Hyundai Engineering Co., Ltd.”, “Hyundai Engineering and Construction Co., Ltd.” kompaniýalary hem-de Singapurda ýerleşýän we “Gazprombank”-a degişli “Enter Engineering Pte. Ltd” kompaniýasyny öz içine alýan konsorsium tarapyndan başlandy. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy zawody sintetiki gaz önümçilik tehnologiýasy bilen üpjün etdi.

2022