Dünýä jemgyýetçiligi bilelikde hereket etse indiki ýyl koronawirus pandemiýasyny ýeňip biler diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus duşenbe güni Russiýanyň “Izwestiýa” gazetinde çap edilen makalasynda aýtdy.
“2022-nji ýylyň ortalaryna çenli ähli ýurtlaryň bilelikde işleşip, dünýä ilatynyň 70%-ine sanjym etmek baradaky global maksada ýetmegi hökmanydyr” diýip, Tedros Gebreisus makalada ýazdy.
Pandemiýanyň üçünji ýylyna girilýänine ünsi çekip, Gebreisus munyň pandemiýanyň tamamlanjak ýyly boljakdygyna ynanýandygyny belledi. Emma munyň üçin bilelikde hereket etmek zerurdyr diýip, Tedros Gebreisus aýtdy.
Şeýle hem, ol bütin dünýäde saglygy goraýyş pudagynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin has ygtybarly ulgamlary döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
BSGG-nyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, 2022-nji ýylda ýurtlar pandemiýa garşy göreşmekde global ylalaşyk boýunça gepleşikleri geçirip başlarlar. Bu ylalaşyk epidemiýalaryň we pandemiýalaryň öňüni almak, ýüze çykarmak we olara garşy göreşmek üçin dünýä jemgyýetçiligine gerekli ulgamlary we gurallary, dolandyryş we maliýeleşdiriş mehanizmleri berkitmäge ýardam berer.
BSGG Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäde ilatyň saglyk meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Guramanyň baş edara binasy Ženewada ýerleşip, oňa 194 sany döwlet agza bolup durýar.