Nebitiň bahasy ABŞ-nyň ätiýaçlyk gorlarynyň azalmagy sebäpli ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nebitiň bahasy ABŞ-nyň ätiýaçlyk gorlarynyň azalmagy sebäpli ýokarlanýar
Häzirki wagtda nebitiň bahasy şu aýyň iň ýokary derejesine ýetdi.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň ätiýaçlyk gorlary boýunça maglumatlarynyň çap edilmeginiň öňsyrasynda nebitiň bahasy ýokarlanýar. Bu barada Russiýanyň “Interfaks” agentligi habar berdi.

ABŞ-nyň nebit we tebigy gaz senagaty boýunça iň uly birleşigi bolan Amerikanyň Nebit Instituty sişenbe güni ýurduň nebit ätiýaçlyklarynyň geçen hepdäniň dowamynda 3,09 million barrel düşendigini mälim etdi. Nýu Ýork söwda biržasynda (NYMEX) satylýan nebitiň saklanýan Kuşing terminalynda ätiýaçlyklar 1,594 million barrel ýokarlandy.

“London ICE Futures Exchange” biržasynda nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreliniň fewral aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 79,1 ABŞ dollaryna deň boldy. Sişenbe güni onuň bir barreliniň bahasy 78,94 ABŞ dollary möçberinde söwda edilipdi.

Şol bir wagtda Nýu Ýork söwda biržasynda nebitiň WTI görnüşiniň bir barreliniň fewral aýy üçin şertnamalarynyň bahasy ýokarlanyp, 76,02 ABŞ dollaryna barabar boldy. Öňki söwda geleşiklerinde onuň bir barreliniň bahasy 75,98 ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

“Trading Economics” saýtynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda nebitiň bahasy şu aýyň iň ýokary derejesine ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, işewürler koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagyny we onuň ykdysadyýete ýetirýän täsirlerini öwrenýärler.