“AÝS” alkogolsyz içgileriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“AÝS” alkogolsyz içgileriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy
Täze önüm 330 millilitrlik gaplarda öndürilýär.

Telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän kärhanasynda “AÝS” we “Täsin” haryt nyşanly alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Kompaniýanyň ykdysatçysynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine anna güni beren maglumatyna görä, täze önümleriň hataryna ýertudana, limon we narpyz, zirk we zirk-ýertudana tagamly ýokary hilli alkogolsyz içgileriniň dürli görnüşleri girýär. Täze önüm 330 millilitrlik gaplarda öndürilýär.

Kärhana Polşanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, onuň önümçilik kuwwaty bir sagadyň dowamynda 9000-9500 sany içgi önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Kompaniýa geljekde alkogolsyz gazlandyrylan we gazlandyrylmadyk içgileriniň gaplarynyň daşky görnüşini täzelemegi meýilleşdirýär.

Telekeçi öz işini 2007-nji ýylda azyk önümleriniň söwdasy bilen başlady. Ol 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri “AÝS” haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini öndürýär.

2022