“Owadan ülke” kärhanasy täze harytlaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Owadan ülke” kärhanasy täze harytlaryň önümçiligini ýola goýdy
Kärhanada günde gök önümleriň 8 tonnasy konserwirlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti margarin we mesge ýagynyň, şokolad goýaltmasynyň, miwe jemleriniň, marinadlanan üzüm ýapragynyň täze önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhanada “Nur”, “Mylaýym” we “Hazyna” haryt nyşanly hyýar, pomidor, bolgar burç, noýba ýaly gök önümleriň konserwirlenen, pomidor üwmejiniň we maýonezleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Kärhanada günde gök önümleriň 8 tonnasy konserwirlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýar. Şeýle-de häzirki wagta çenli kompaniýanyň önümleri Gruziýa eksport edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçiligiň ähli tapgyryna we harytlaryň hiline gözegçilik edýän ýörite hil barlaghanasy hereket edýär. Taýýar önümleriň saklanýan sowadyjy ammary bolsa, harytlar üçin degişli howany üpjün edýär.

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa geljekde harytlaryny Russiýa, Gazagystana eksport etmegi meýilleşdirýär.