“Berk ýelim” kompaniýasy täze boýaglaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Berk ýelim” kompaniýasy täze boýaglaryň önümçiligini ýola goýdy
Boýaglar 20 kilogramlyk gutulara gaplanylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Berk ýelim” hususy kärhanasy 2021-nji ýylda içki we daşky diwar üçin niýetlenen boýaglaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

“Berk ýelim” hususy kärhanasy 2013-nji ýylda esaslandyrylyp,  kompaniýa ilkibaşda kafel üçin niýetlenen “Klas-kim” haryt nyşanly ýelim öndürip başlady.

Boýaglar 20 kilogramlyk, kafel üçin ýelim 25 kilogramlyk gutulara gaplanylýar. Kärhananyň Türkiýe Respublikasynyň tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bu ýerde ýylda 6 müň tonna golaý önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda kärhanada onlarça hünärmen zähmet çekýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

Kärhana geljekde önümçiliginiň gerimini giňeltmegi hem-de önümlerini daşarky bazara çykarmagy maksat edinýär.

2022